1) Bir gezek goşulan bildirişi barlagdan
geçmänkä gaýtadan goşmak gadagan.
2) Şol bir bildirişi 1
hepde geçmänkä gaýtadan goýmak gadagan.
3) Bildiriş
goşanyňyzdan soň, administrator siziň bildirişiňizi 24 sagadyň içinde
barlar we eger-de ähli şertlere gabat gelse bildirişiňizi kabul eder.
4) Bildiriş goşanyňyzdan soň, kabul edilmese, doly sebabini
bilmek üçin, bildirişi goşan ýeriňizde, içine girip aşakda sebäbini okap
bilersiňiz.
5) Administrator bildirişiňizi hiç hili sebäp
görkezmän kabul etmän bilýär.
6) Ýazgylarda hapa-paýyş söz ulanmak gadagan.
7) Türkmenistanyň kanunyna garşy gelýän maglumatlaryň
programmada çykarylmagyna rugsat berilmeýär.
8) Hiç bir bildirişi/harydy ýerleşdiren ulanyja öňünden
bölek ýa-da doly töleg (telefon arkaly we ş.m.) geçiriji bolmaň. Diňe
harydy öziňiz görip, hakykylyga göz ýetirip satyn alyň.
9)
Ulanyjy öz goýan maglumaty boýunça doly jogapkärçilik çekýär.
Administrasiýa ulanyjylaryň hereketleri, programmada çykarylýan
maglumatlaryň mazmuny barada jogapkärçilik çekenok we şu programma
arkaly aluw-satuw ylalaşygyny eden ýa-da etjek bolýan taraplaryň hukuk
gatnaşyklarynda gatnaşmaýar. Administrasiýa islendik ulanyja programmany
ulanmagy gadagan etmek hukugyny özünde saklaýar we ulanyjy tarapyndan
teklip edilýän maglumaty hiç hili sebäbini beýan etmän programmada
çykarman bilýär. Şu programmany ulanmak şu Şertleri gürrüňsiz kabul
edýänliginiň şaýady bolup durýar.